Sepleriň elýeterliligi

Eýranda hukuk aktiwisti tussag edildi diýilýär


Eýranda kinorežissýor we aýallaryň hukuklary boýunça aktiwist Mahnaz Mohammadiniň tussag edilendigi habar berilýär.

Oppozision websaýtlaryň birinde ýerleşdirilen maglumata görä, Mohammadi “ýekşenbe güni özüniň öýünde tussag edilipdir”.

Bu habary garaşsyz çeşmelerden anyklamak başartmady.

Mohammadiniň tussag edilmegi barada Eýranyň resmileri ýa-da metbugaty tarapyndan hiç hili maglumat berilmedi.
XS
SM
MD
LG