Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Şahyryň sözi


Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyrat














Näçe eçilse-de çoguny Güneş
Bar jandary deň ýyladyp bilenok.
Biri şahyr şygyryn dartýar demine,
O birisi kabul edip bilenok.

Höküm çykarýan bar dodagyn çöwrüp:
“Siz eseri başgaçarak ýazmaly!”
Aý, hawa-da, zat gelmese eliňden
Özge birniň rahat günün pozmaly!

Ýeriň ol ujundan purkmäli awy,
Degse bäş, degmese ýigrim bäş eken.
Eýsem, düşünermi şahyr diline –
Bir gezek dürtülse, üç gezek böken?

Wah, käşgä tutluşyk aç-açan bolsa,
Aýypmy nä ýykylsaňam beýikden?
Bu nogsany çöp döwlen dek etmäge
Dört setir ýeterlik Mämmet Seýitden:

“Arada bir tanşym geldi ýanyma,
Suwjuk sözi hiç batmady janyma.
Men ony şeýle bir çeýnärdim welin –
Degenok dişimi hapalanyma”.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG