Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystandaky çaknyşyklarda aslynda näme boldy?


Jalalabat we Oş welaýatlarynda etniki özbekler bilen gyrgyzlaryň arasynda bolan çaknyşyklardan bir ýyl soň, Oş, 2011-nji ýylyň 10-njy iýuny.

Jalalabat we Oş welaýatlarynda etniki özbekler bilen gyrgyzlaryň arasynda bolan çaknyşyklardan bir ýyl soň, Oş, 2011-nji ýylyň 10-njy iýuny.

Gyrgyzystanyň günortasynda ýerleşýän Jalalabat we Oş welaýatlarynda etniki özbekler bilen gyrgyzlaryň arasynda bolan çaknyşyklardan soň, aradan bir ýyl geçendigine garamazdan, şol wakada aslynda näme boldy diýlen mesele hakda diskussiýalar henizem dowam edýär.

Şeýle diskussiýalardan biri hem 21-nji iýunda Birleşen Ştatlarda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy boýunça Helsinki komissiýasynda bolup geçdi. Şol diňlenişik agzalýan komissiýanyň ýolbaşçysy kongressmen Kristofer Smitiň ýolbaşçylygynda geçirildi.

Diňlenişige şaýat hökmünde gatnaşanlardan biri hem Gyrgyzystanyň ABŞ-daky ilçisi Muhtar Jumalyýewdi. Bu meseleler bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir ilçi Jumalyýew bilen gürrüňdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Gürrüňdeşlige Waşingtonda geçirilen diňlenişik baradaky sorag bilen başlasym gelýär. Bu diňlenişige nähili baha berýärsiňiz?

Muhtar Jumalyýew: ABŞ-da Gyrgyzystanda bolan şol waka barada diskussiýalar dowam edýär, bu diňe bu komissiýada geçirilen diňlenişik bilen çäklenenok. Bu günki diňlenişikde gürrüňi edilen temalar gyrgyzlar tarapyndan bilinýär. Biz bu barada halkara jemgyýetçiliginiň aladalaryna hem göz ýetirýäris. Biz ABŞ-nyň Gyrgyzystanda geçirilýän reformalara, esasanam ýurtda demokratik institutlary güýçlendirmek boýunça alnyp barylýan işlere goldaw berjekdigini beýän edenligi üçin gaty minnetdar.

Helsinki komissiýasynda geçirilen bu diňlenişikden ozal hökümete degişli bolmadyk guramalaryň gatnaşmagynda hem şeýle ýygnaklar bolup geçdi. Şeýle-de bu diňlenişik Kimmo Kiljuneniň Gyrgyzystana barmagynyň gadagan edilmegi barada gyrgyz parlamentiniň çykaran kararynyň ýz ýanyna gabat geldi. Netijede bu diňlenişik onuň nukdaýnazaryny bilmek jähtinden hem peýdaly bir ýygnak boldy.

Parlamentiň bu karary Kimmo Kiljunen tarapyndan ýolbaşçylyk edilen we Gyrgyzystanyň günortasynda bolan wakalary derňemek boýunça döredilen halkara komissiýanyň öz hasabatyny çap etmeginiň ýz ýanyna gabat geldi. Men bu kararyň parlament tarapyndan kabul edilenligini aýdyp geçdim. Demokratik ýurtlarda parlamentler şeýle iş alyp barýar. Onuň çykarýan kararyna hökümet aralaşyp bilmez.

Şeýle-de biziň prezidentimiz parlamentiň jenap Kiljunen barada kabul eden kararyna alada bildirdi. Ol parlamenti çykaran bu kararyny gaýtadan gözden geçirmäge çagyrdy.

Halkara jemgyýetçiligini alada galdyrýan beýleki bir mesele hem Gyrgyzystanda amala aşyrylýan barlyşyk prosesi we ýurduň günortasynyň gaýtadan gurluşygy bilen bagly. Biziň bu mesele boýunça öz hyzmatdaşlarymyzyň goldawyna mätäçligimiz bar.

Biz Gyrgyzystanyň günorta regionlaryny gaýtadan gurmak hem-de barlyşyk işlerini amala aşyrmak boýunça plan düzýäris. Bu plan hökümete degişli bolmadyk guramalaryň, hökümetiň we etniki toparlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda düzülýär. Plana regiony gaýtadan gurmak hem barlyşyk boýunça ýol kartasy hökmünde garalar, şonuň üçin bu juda möhüm dokument bolar.

Helsinki komissiýasynyň diňlenişigi gaty guramaçylykly ýagdaýda amala aşyryldy. Şonda Kimmo Kiljuneniň pikirini diňlemäge hem mümkinçiligimiz boldy. Ol parlamentiň çykaran kararyny alada edýäne meňzeş.

Azatlyk Radiosy: Gyrgyzystanyň günortasynda mundan bir ýyl ozal bolan şol wakany nähili atlandyrmaly, ol köpçülikleýin gyrgynçylykmy, ýogsa-da ynsanlyga garşy amala aşyrylan jenaýatmy diýlen mesele hakda diňlenişikde gürrüň edildi. Siziň pikiriňizçe, şol waka nähili atlandyrylmaly?

Muhtar Jumalyýew: Hasabatda bu waka adamzada garşy amala aşyrylan jenaýat hökmünde suratlandyrylmaýar. Jenap Kiljunen şol dartgynlykda bolanlygy aýdylýan käbir wakalaryň sud tarapyndan tassyklanan halatynda, oňa adamzada garşy edilen jenaýat diýip baha berip boljakdygyny aýtdy.

Onuň ynsanlyga garşy amala aşyrylan jenaýat hökmünde häsiýetlendirilmegi üçin üç zadyň tassyklanmagy zerur. Birinjiden, bu jenaýat hökümetiň sýyasaty esasynda amala aşyryldymy? Onuň şeýledigini hiç kim tassyklamaýar. Ikinjiden, bu diňe bir etniki topara garşy sistematiki ýagdaýda amala aşyrylan hereketmidi? Üçünjiden, hökümet haýsydyr bir etniki toparyň hereketlerini gurnapdyrmy? Bu üç mesele tassyklanmady.

Eger bu ynsanlyga garşy edilen jenaýat bolsa, ony amala aşyranlykda diňe hökümeti aýyplap bolmaz, şeýle waka boýunça käbir adamlary we belli bir etniki topary hem aýyplamaly bolar.

Hökümetiň nukdaýnazaryndan aýdylanda, Bişkegiň ýokarda agzalan maddalaryň hiç birini amala aşyrmak niýeti ýokdy. Şol wagt regionda ýagdaý gaty dartgynlydy, wakanyň öňüni almak üçin howpsuzlyk güýçleri ýeterlik däldi.

Emma, muňa garamazdan, Gyrgyzystanyň bu wakanyň ýaýramagynyň öňüni almagy başaranlygyny halkara jemgyýetçiligi ykrar edýär. Biz şol wagt halkara jemgyýetçiligini bize goldaw bermäge çagyrypdyk. Şeýle-de şol waka bilen bagly halkara jemgyýetçiliginiň hem netije çykarmaly zady bar, meselem, şol dartgynlylyk şeýle wakanyň bolan halatynda derhal onuň öňüni almak üçin häzirki döwürde haýsydyr bir mehanizmiň ýokdugyny görkezdi.

Azatlyk Radiosy: Şol wakalar boýunça garaşsyz halkara komissiýasy tarapyndan geçirilen derňewleriň netijesi barada gürrüň edilende, onuň jemlerini iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça nähili planlaryňyz bar? Has anygyrak aýtsam, siziň şol hasabatyň netijelerini iş ýüzünde amala aşyrmak niýetiňiz we islegiňiz barmy?

Muhtar Jumalyýew: Bu, elbetde, gaty çynlakaý mesele. Biz şol hasabatyň teklipleriniň aglaba bölegini kabul edýänligimizi aýtdyk. Elbetde, olaryň arasynda kabul edip bolmajak maddalar hem bar. Meselem, ýurduň adyny üýtgetmek baradaky teklip. Kimmo Kiljunen we onuň ýolbaşçylygyndaky komissiýa tarapyndan teklip edilen maddalaryň arasynda ýurduň adyny üýtgetmek baradaky teklip hem öňe sürülýär.

Ýurduň ady Gyrgyz respublikasydyr, elbetde, ony üýtgetmek hakdaky teklipleri kabul edip bolmaz. Howpsuzlyk güýçlerini we adalat sistemasyny reformalaşdyrmak ýaly teklipler barada aýdylanda, elbetde, ony kabul etse bolar. Şol hasabatda wagtlaýyn hökümetiň käbir ýolbaşçylary barada hem gürrüň edilýär. Şeýle wakalara sud garamaly.

Emma komissiýanyň beren maslahatlarynyň aglaba bölegini Gyrgyzystanyň hökümeti kabul edýär, biz olary dürmuşa geçirmek barada çynlakaý tagalla etmäge taýýar. Hatda parlament hem şol teklipleri ykrar edýär.

Azatlyk Radiosy: Kommissiýanyň eden tekliplerinden biri hem şol dartgynlykda jenaýat eden adamlary jezalandyrmak barada. Gyrgyzystanyň hökümeti bu ugurda haýsydyr bir takyk ädim ätdimi?

Muhtar Jumalyýew: Ädilen anyk ädimler barada gürrüň edilende, parlament öz komissiýasyny döretdi. Parlament sudy şol wakalara garamaga çagyrdy. Syýasy ýolbaşçylar üçin bu gaty ynjyk mesele bolmagyna garamazdan, bu baradaky proses dowam edýär.

Azatlyk Radiosy: Siz sud prosesleri barada gürrüň edýärsiňiz, emma komissiýanyň ýolbaşçysy, şol dartgynlylyk barada Gyrgyzystanyň sudlarynda açylan işleriň 80% töwereginiň etniki özbeklere garşy açylandygyny aýdýar. Şol çaknyşyklarda ejir çekenleriň 74% töwereginiň hem özbeklerdigi göz öňünde tutulanda, bu sud prosesiniň ygtybarlylygy barada sorag döredenokmy?

Muhtar Jumalyýew: Bu, elbetde, iň ynjyk meselelerden biri, ýagny men şol prosesde näme üçin deňagramlylyk ýok diýlen mesele hakda gürrüň edýärin. Emma şol bir wagtyň özünde-de Gyrgyzystanda milletçiligiň möwjäp barýanlygy aýdylýar. Ýurduň günortasynda şol wakanyň bolan wagtyna çenli, Gyrgyzystan hiç haçan milletparazlykda aýyplanmandy. Hatda şu günki diňlenişikde hem Gyrgyzystanyň sud sistemasynda etniki toparlaryň agzalarynyň ýokdugy aýdyldy.

Gyrgyzystanyň günortasynda iş alyp barýan howpsuzlyk güýçleriniň hatarynda hem gyrgyzlaryň sanynyň agdyklyk edýänligi aýdyldy. Biz, elbetde, sud sistemasynyň aç-açan we o diýen adalatly däldigini boýun alýarys. Şonuň üçin biz sud sistemamyzda reforma geçirmegiň aladasyny edýäris.

Biz ilki bilen sudýalary saýlamaly. Sudýalar graždan jemgyýetçiliginiň we parlamente girmegi başaran oppozision toparlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda saýlanar. Biz şol ädimiň sud sistemamyzda özgerişliklere ýol açjakdygyna ynanýarys, reformalar ondan soňra hem dowam etdiriler. Açylan işlere adalatly we obýektiw ýagdaýda garalmagy zerurdyr. Biz häzirki döwürde sud sistemamyzy we howpsuzlyk güýçlerini reformalaşdyrmaga hem synanyşýarys.

Azatlyk Radiosy: Barlyşyk boýunça alyp barýan tagallalaryňyz barada gürrüň etsek, bu ugurda nähili kynçylyklaryňyz bar?

Muhtar Jumalyýew: Komissiýanyň hasabaty barlyşyk prosesine goşant goşmak maksady bilen başlanypdy. Biz şol hasabatyň deň agramly we obýektiw bolmagyna garaşýardyk we onuň barlyşyk prosesine goşant goşjakdygyny umyt edýärdik. Emma haçanda hasabat çap edilende, Gyrgyzystanyň hökümeti we onuň ilaty şol hasabatyň deňagramly däldigine göz ýetirdi. Onsoň biz bu hasabatyň barlyşyga hyzmat etmejekdigini pikir edýäris. Şeýlelikde hökümet ýagdaýy deňagramlaşdyrmak üçin öz pikirini beýän etdi. Birleşen kommissiýanyň teklipleriniň we maslahatlarynyň mümkin boldugyndan çalt amala aşyrylmagynyň zerurdygyny pikir edýäris we şol komissiýa barlyşyk boýunça hereket planyny düzmeli diýip, pikir edýäris.

Barlyşyk prosesi häzirki döwürde iň uly mesele. Biz bu ugurda ýardam sorap, halkara jemgyýetçiligine ýüzlenýäris, bu gaty ynjyk mesele, şol tragiki wakalarda zyýan çeken adamlar üçin ony ýatdan çykarmak we şol zyýana sebäp bolan adamlary bagyşlamak aňsat bolmaz. Bu kyn mesele. Bu ugurda biz halkara kömegine mätäç, biz bu barada hyzmatdaşlyk etmäge taýyn.

Azatlyk Radiosy: Bu barlyşyk prosesinde goňşy ýurtlaryň haýsydyr bir oýnap biljek roly barmy?

Muhtar Jumalyýew: Goňşy ýurtlaryň roly gaty möhüm. Olar bu prosese gatnaşýarlar. Şol tragiki wakadan soňra, olaryň ählisi ýurduň günortasynyň durnuklylygy boýunça öz ýardamlaryny teklip etdiler. Biz Özbegistanyň prezidenti jenap Kerimowa juda minnetdar. Sebäbi ol gyrgyzystanly özbek bosgunlaryna ýurduň gapysyny açypdy, ol şol ýagdaýlar barada gaty seresaply beýanatlar ýaýratdy, bu juda möhüm ädimdi. Käbir gümürtik güýçleriň küşgürmegi netijesinde iki dost milletiň, ýagny gyrgyzlar bilen özbekleriň arasynda mundan beýläk şeýle wakalaryň bolmagyna biz ýol bermeli däldiris.
XS
SM
MD
LG