Sepleriň elýeterliligi

“Kürt baharynyň” ysy Erdoganyň ýeňşine howp salýar


Kürt “Parahatçylyk we Demokratiýa” partiýasynyň boýkot kararyny köpleriň goldaýandygyny 23-nji iýunda Diýarbekirde geçen demonstrasiýa görkezdi.

Kürt “Parahatçylyk we Demokratiýa” partiýasynyň boýkot kararyny köpleriň goldaýandygyny 23-nji iýunda Diýarbekirde geçen demonstrasiýa görkezdi.

Analizçiler Türkiýede "arap bahary" ýaly "kürt bahary" gozgalaňynyň turmagy, onuň goňşy ýurtlara hem ýaýramagy mümkin diýip, duýduryş berýärler.

Kürt “Parahatçylyk we Demokratiýa” partiýasy özüniň 12-nji iýunda umumy saýlawlarda gazanan 36 ornuny boýkot etmek bilen haýbat atdy. Muňa sebäp bolan zat saýlaw kollegiýasynyň täze saýlanan deputat Hatip Dijläni, golaýda terrorizmde aýyplanyp günäli tapylandygy üçin, öz ornundan mahrum etmek kararyna gelendigi.

Kürt “Parahatçylyk we Demokratiýa” partiýasynyň parlament wekilçiligini boýkot etmek niýetini 23-nji iýunda kürt syýasatçysy Serafettin Elji bildirdi. “Hökümet we parlament demokratik syýasata ýol açmasa, biz parlamente barmarys” diýip, Elji aýtdy.

“Adalat we Galkynyş” partiýasy sesleriň 50 prosentini alansoň, premýer-ministr Rejep Taýyp Erdogan täze Baş kanun üçin hemmeleriň razylygyny almak maksady bilen maslahat prosesini ýola goýmagy wada etdi.

Ýöne kürt partiýasynyň gaharyny göz öňüne getireniňde, beýle ylalaşyk başa barjaga meňzänok. Bu partiýanyň boýkot kararyny hem köpleriň goldaýandygyny ýaňy Diýarbekirde geçen demonstrasiýa görkezdi.

Käbir analizçileriň pikiriçe, häzirki gorky Türkiýede uzak wagt bäri dowam edip gelýän kürt konfliktiniň täze howply döwre girmegi. Goşun bilen “Kürt işçiler partiýasynyň” (PKK) arasynda turan çaknyşyklarda 1984-nji ýyldan bäri 40 müň çemesi adam öldi.

Harby konflikt ähtimallygy

Ýöne Londonda ýerleşýän “Chatham House” merkeziniň Türkiýe boýunça eksperti Fadi Hakuranyň pikiriçe, tutuşlygyna harby konflikte dolanylmak ähtimallygy ýokary däl: “Meniň pikirimçe, konfrontasiýanyň häsiýeti 1990-njy we 2000-nji ýyllardakydan üýtgär. Biziň kürtleriň türk häkimiýetleriniň manifestasiýalaryna we wekilçiliklerine garşy köpçülikleýin aýaga galmagyna şaýat bolmagymyz mümkin”.

Hakuranyň garaýşyça, bu hereketiň şu ýyl Müsürde, Tunisde, Ýemende we beýleki arap ýurtlarynda geçen köpçülikleýin gozgalaňlary şöhlelendirmegi, onuň kürt azlyklary ýaşaýan goňşy ýurtlara, ilkinji nobata hem Siriýa syrykmagy mümkin.

“Häzir kürt meselesiniň Türkiýede möwjemegi Siriýadaky içki gozgalaňa gabat gelýär. Siriýanyň ilatynyň 10 prosentiniň asly kürt. Şol sebäpden köpçülikleýin gozgalaň bolsa, ýa türk häkimiýetleri bilen Türkiýedäki kürtleriň arasynda konflikt güýjese, onuň Siriýa syrykmak howpy ýok däl. Yragadyr Eýrana-da ýaýramagy mümkin” diýip, Hakura öz pikirini mälim edýär.

“Parahatçylyk we Demokratiýa” partiýasyny aýratyn gaharlandyrýan zat “PKK” bilen ilteşikli diýip, onuň iki müňe golaý agzasynyň tutulandygy. Bularyň on ikisi saýlanan şäher häkimleridi. Saýlaw döwründe Erdogan berk liniýany saklap, “Türkiýede indi kürt meselesi ýok” diýdi. “Parahatçylyk we Demokratiýa” partiýasyny hem “PKK” bilen bile separatizmi goldaýanlykda aýyplady.

Baglanyşyk

Stambulyň Bahçeşeher uniwersitetiniň Ýewropa Bileleşigi barlaglary boýunça porfessory Jengiz Aktar: “Bular ýaly konfrontasiýaly taktika premýer-ministriň täze, graždanlaryň ýolbaşçylygyndaky Baş kanuny döretmek ambisiýalaryna ters. Sebäbi bular özara berk ilteşikli” diýýär.

“Bu bolýan zatlar gowy zatlar däl. Iki tarap hem konfrontasiýa taýýarlanýar. Liberal Konstitusiýa bolmasa, kürt konfliktini çözüp bolmaz. Kürt konflikti, indiki faza, ýagny konflikti çözmek fazasyna girmese hem Türkiýe täze kartany, täze jemgyýetçilik kontraktyny düzüp bilmez. Bular özara berk baglanyşykly” diýip, Aktar aýdýar.

Aktar: “Kürtleriň ‘arap bahary’ ençeme ýyl mundan ozal başlandy. Çözgüt indi köp wagt mundan ozal beýan edilen talaplara syýasy taýdan jogap bermek. Ony ‘terrorizm’ diýip, süpürip taşalap bolmaz” diýýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG