Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Owgan Merkezi bankynyň başlygy wezipesinden çekildi


Owganystanyň Merkezi bankynyň başlygy Abdul Kadyr Fitrat bu ýurtda öz janyna howp abanýandygyny aýdyp, wezipesinden çekilýändigini yglan etdi.

Owganystanyň Merkezi bankynyň başlygy Abdul Kadyr Fitrat bu ýurtda öz janyna howp abanýandygyny aýdyp, wezipesinden çekilýändigini yglan etdi.

Owganystanyň Merkezi bankynyň başlygy Abdul Kadyr Fitrat bu ýurtda öz janyna howp abanýandygyny aýdyp, wezipesinden çekilýändigini yglan etdi.

Hepdäniň duşenbe güni Birleşen Ştatlara baryp, bu barada eden beýanatynda ol Owganystanyň hökümetini Kabul bankyndaky jenaýatçylyklara dahylly adamlara çäre görmeýänlikde tankytlady.

Azatlyk Radiosy Abdul Kadyr Fitrat bilen gysgajyk söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Jenap Fitrat, siz Owganystanda öz janyňyza howp abanýandygyny nireden bildiňiz? Bu barada size kimdir-biri habar berdimi ýa nähili ýol bilen bu size mälim boldy?

A.K. Fitrat: Men çeşmäni anyk aýdyp biljek däl, ýöne meniň janyma hakykatdanam doly howp abanýandygy barada maňa ynamdar çeşmeden ynamdar maglumat geldi.

Şonuň bilen birlikde, parlamentde çykyş eden günüm parlamentiň agzalaram meniň howpsuzlygymyň geljegi barada öz aladalaryny mälim etdiler. Men şundan artyk anyk maglumat berip biljek däl. Umuman, ýagdaý ol ýerde meniň üçin howply boldy, abanýan howp hem gutulgusyz howpdy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Fitrat, siz Kabulbankyň bikanun ýollar arkaly Owganystanyň ýokary derejeli resmilerine ýüz millionlarça dollar pul berendigi bilen baglanyşykly derňewlere gatnaşandygyňyzy hem aýtdyňyz. Bu işde siziň öňüňizde nähilidir bir kynçylyklar boldumy, bolan bolsa, ol kynçylyklar nämelerden ybarat?

A.K. Fitrat: Meniň häzirki wagt öz wezipämden çekilmegimiň esasy sebäbi: men öz professional borçlarymy ýerine ýetirmek üçin örän uly tagalla etmeli boldum, emma, gynansak-da, men öz işimi alyp baryp bilmedim. Meniň şol etmeli işlerimden birem Kabulbankdaky krizise dahylly adamlaryň işini derňemek bilen baglanyşyklydy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Fitrat, Birleşen Ştatlaryň resmileri Kabulbankyň hiç hili dokumentleşdirmezden, ýokary derejeli çinowniklere jemi 850 million dollar töweregi pul berendigini aýdýarlar. Olaryň aýtmaklaryna görä, bu pul berlen çinownikleriň arasynda bu bankyň täsirli aksionerleri, şol sanda, prezident Karzaýyň agasy we käbir ministrler hem bar. Eger bu hakykatdanam şeýle bolsa, onda Kabulbankyň işi bilen baglanyşykly derňewler adalatly netijeler bilen tamamlanar diýip garaşyp bolarmy?

A.K. Fitrat: Ýasama at ulanyp ýa-da hiç hili kanuny düzgünlere eýermän bu bankdan onlarça million dollar pul alan şol adamlardan hiç birinem häkimiýetleriň jenaýat jogapkärçiligine çekmek meýilleri ýok. Ol adamlar jeza çekmezler. Olar indi diňe aç-açan derňewleriň bolmagyny islän men ýaly adamlary jezalandyrmaga çalşarlar.
XS
SM
MD
LG