Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan bankçysy öz janyna howp abanýandygyny aýdyp, wezipesinden çekildi


Duşenbe güni Owganystanyň merkezi bankynyň başlygy Abdul Kadyr Fitrat bu ýurtda öz janyna howp abanýandygyny aýdyp, wezipesinden çekilýändigini yglan etdi.

Hepdäniň duşenbe güni Birleşen Ştatlara baryp eden beýanatynda ol Owganystanyň hökümetini Kabul bankyndaky jenaýatçylyklara dahylly adamlara çäre görmeýänlikde tankytlady.

Owganystanyň prokuratura işgärleri ýurtdaky iň uly hususy bank bolan Kabul bankynyň käbir döwlet çinowniklerine hiç hili dokumentleşdirmezden, bikanun ýollar arkaly 800 million dollar töweregi pul berendigini aýdýarlar.

Bu işde aýyplanýanlaryň hatarynda ýurduň käbir ministrleri, şol sanda, prezident Hamid Karzaýyň agasy-da bar.
XS
SM
MD
LG