Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Belarusa satýan elektrik toguny kesjekdigini duýdurýar


Şu gün Orsýetiň häkimiýetleri Belarusyň öz bergilerini wagtynda tölemeýändigini aýdyp, bu ýurda satýan elektrik energiýasyny kesjekdigi bilen duýduryş berdiler.

Orsýetiň «Inter RAO UES» elektrik korporasiýasy Belarusa berýän elektrik energiýasynyň şu gije merkezi Ýewropa wagty bilen sagat 22:00-da kesiljekdigini mälim etdi.

Orsýetiň resmileri Belarusyň häzirki bergisiniň 21,2 million dollara deňdigini aýdýarlar.

Belurasyň häkimiýetleri tölegleriň gijikdirilmeginiň sebäbini tölegler üçin ýurtda rus rublynyň ýetmezçilik edýändigi bilen düşündirýärler.
XS
SM
MD
LG