Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstanyň ozalky harby ministri jenaýatda aýyplanýar


Şu gün Gürjüstanyň prokuraturasy ýurduň ozalky goranmak ministri, oppozisiýa liderlerinden biri Irakli Okuraşwilini ýurtda bikanun ýaragly topar döretmek synanyşygynda aýyplap, oňa garşy jenaýat işini gozgady.

Geçen hepde Gürjüstanyň organ işgärleri şu iş bilen baglanyşykly ýurduň içinde sekiz sany oppozision aktiwisti tussag edipdi.

Irakli Okuraşwiliniň özi häzirki wagt Fransiýada bosgunlykda ýaşaýar. Ol 2007-nji ýylda özüne garşy korrupsiýada bildirilen jenaýat aýyplamalarynyň yzy bilen Gürjüstany terk edipdi.

Gürjüstanyň sudy şonda oňa gaýybana ýagdaýda 11 ýyl türme tussaglygyny bermek barada höküm çykarypdy.
XS
SM
MD
LG