Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara sudunyň prokurory Liwiýanyň hökümetine çagyryş etdi


Şu gün Halkara sudunyň prokurory Luis Moreno-Okampo Liwiýanyň häkimiýetlerini bu ýurduň awtoritar lideri Muammar Kaddafini tussag edip, ony Halkara suduna tabşyrmaklyga çagyrdy.

Halkara sudy düýn Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafini tussag etmek barada höküm çykarypdy. Sud ony ynsanýete garşy jenaýat etmekde we parahat ýaşaýjylara garşy hüjüm etmeklige görkezme bermekde günäli tapdy.

Şol sanda, sud Kaddafiniň ogly Seýf al-Islamy we ýurduň razwedka gullugynyň başlygy Abdullah al-Senussini hem Muammar Kaddafiniň režiminiň opponentlerini öldürmekde we olary bikanun yzarlamakda günäledi hem-de olaryň ikisini-de tussag etmelidigi barada höküm çykardy.
XS
SM
MD
LG