Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmen taryhyndaky, medeniýetindäki "ýetmiş ikilik"


Ýazgulyýew: "Türkmen saz guralyny ýetmiş ikä ýetirmek üçin bolsa ýene beýleki halklaryň saz gurallary hem biziň halkymyza degişli edilipdir".

Ýazgulyýew: "Türkmen saz guralyny ýetmiş ikä ýetirmek üçin bolsa ýene beýleki halklaryň saz gurallary hem biziň halkymyza degişli edilipdir".

Türkmen halkynyň baý taryhy, edebi hem medeni mirasy, özboluşly sungaty bar. Emma Garaşsyzlyk zamanamyzda türkmeniň taryhy, medeni mirasy, sungaty ylmy nukdaýnazardan öwrenilmän, ol meseleler syýasy şygaryň obýektine öwrüldi.

Öňki prezident Nyýazow öz häkimligini berkidenden soň, ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça ýeke-täk hem taýsyz alymy, bilermeni bolup çykyş etdi. Şeýlelikde, 1990-njy ýyllaryň ortalaryndan başlap, türkmen taryhy, medeniýeti, sungaty bilen baglanyşykly ýazylan ylmy işler gyra süýşürilip, halkymyzyň geçmişi, medeni mirasy Nyýazowyň ady bilen baglanyşdyrylyp başlandy. Şol sebäpli eýýäm 1997-98-nji ýyllarda türkmen adynyň gelip çykyşy hakyndaky ylmy çaklamalary degşirip, anyk netijä gelmek şu ugurdan çorba sowadan alymlara hem gadagan edildi. Şeýdibem, şol ýyllarda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy ýapylyp, SSSR döwründe on iki müňe ýakyn alymlarymyzyň sany on essedenem gowrak azaldyldy.

Türkmeniň geçmişi dünýäde ykrar edilen taryh ylmynyň öňe sürýän prinsipleri bilen deňeşdirilip öwrenilmän, Nyýazow tarapyndan halkymyzyň kemala gelen taryhy bäş müň ýyl, şeýle-de taryhy şahslygy sorag astyndaky Oguz han, türkmeniň nesilbaşysy diýlip yglan edildi. Oguz han, oguzlar baradaky rowaýatlar, ertekiler taryh hökmünde kabul edildi.

72 döwlet we 72 saz guraly

Nyýazow "Halkymyzyň döreden döwletem, türkmeniň çalan saz guralam ýetmiş iki sany bolmaly" diýlen pelsepäni öňe sürdi. 2000-nji ýylyň başyna taryhçylara, medeniýeti, sungaty öwrenijilere şol "ýetmiş ikiligi" tapmak buýrulypdyr. Şonuň üçin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň şol wagtky taryh institutynyň direktory Muhammet Aýdogdyýewiň ýolbaşçylygynda türkmen döwletiniňem, halkymyzyň ulanan saz gurallarynyňam sany dogry ýetmiş ikä ýetirilip, Nyýazowyň elli dokuz ýaşan ýaş toýunda — 2000-nji ýylyň 19-njy fewralynda oňa gowşurylýar. Nyýazow bolsa "Ruhnamada" halkymyzyň "ýetmiş iki" döwleti hem saz guraly hakyndaky maglumaty öz adyndan beýan edýär.

"Ýetmiş ikiligi" tapmaga mejbur edilen meşhur taryhçy alymlarymyzyň biri şol hadysa hakynda, öz adyny aýtmazlyk şerti bilen, bize şeýle gürrüň berdi: "Ýolbaşçymyz Muhammet Aýdogdyýewe hökümdar gygyryp, haýbat atypdyr, "Iň bärkisi, siz türkmeniň ýetmiş iki döwletinem, şonça möçberdäki çalan saz guralynam şu çaka çenli bileňzok, şu, öňümizdäki Baýdak baýramçylygy, doglan günümiň baýramçylygy bir geçsin bakaly, men siziň gözüňizde ot ýakaryn" diýipdir. Şeýlelikde, M.Aýdogdyýew bizi ýygnap: "Hormatly kärdeşler, eger biz taryh institutyny alyp galjak bolsak, şu ýylyň 10-njy fewralyna (şol wagt 2000-nji ýyl eken) çenli, on bäş günde halkymyzyň döreden "ýetmiş iki" döwletini, şonça möçberdäki çalan saz guralyny tapmaly bolarys, ýogsa, işimiz pyrryk, gaýrat edeliň" diýdi. Diňe şol "ýetmiş ikilik" tapylandan soň taryh instituty ýapylmakdan halas boldy".

Şol "ýetmiş ikiligi" aýan etmäge gatnaşan alymlarymyzyň tas hemmesi diýen ýaly söhbetdeşlikde Nyýazowyň syýasy yzarlamalaryndan gorkup, galp maglumaty esaslandyrmaga gatnaşandyklaryny boýun aldylar hem halkymyzyň döreden döwletiniňem, çalan saz guralynyňam ýetmiş iki diýilmegine hiç hili ylmy esasynyň ýokdugyny tassykladylar.

Hut şol alymlarymyzyň tassyklamagyna görä, "ýetmiş ikä" ýetmek üçin taryhda yzy bolmadyk, rowaýatlarda-ertekilerde beýan edilen Oguz şalyklary hakyky Türkmenistanda döredilen döwletler hökmünde hasaba alnypdyr. Mundan daşary hem orta asyrlarda emele gelen Seljuk türkmenleriniň döreden döwletine tabynlykdaky Yrak, Şam ýaly welaýatlary-beglikleri hem şol sany doldurmak üçin aýratyn döwletler hökmünde görkezipdirler. Munuň bilenem bu sana ýetmek başartmansoň, asla türkmene dahyly bolmadyk "Horezmşalar" döwletiniň ady üýtgedilip, Köneürgeç türkmen döwleti, Mamlýuklar, Sefewiler ýaly döwletler türkmen döwletleri diýlip yglan edilipdir. Türkmen saz guralyny ýetmiş ikä ýetirmek üçin bolsa ýene beýleki halklaryň saz gurallary hem biziň halkymyza degişli edilipdir.

Häzirki döwür

Gurbanguly Berdimuhammedowyň döwlet başyna gelmegi bilen, Türkmenistan Ylymlar akademiýasy gaýtadan dikeldildi. Nyýazowyň döwri bilen deňeşdireniňde, alymlarymyza işlemek üçin oňyn mümkinçilikler döredildi, aspiranturalar, doktoranturalar açyldy. Emma tutuşlygyna alanyňda, Nyýazowyň ylmy weýran eden "ylmy syýasatyna" adyl baha berilmändigi üçin, bu "ylmy" sistemanyň ýönekeý reformalar geçirilip, saklanyp galynjak bolunýandygy üçin henizem halkymyzyň taryhy, medeni mirasy syýasy şygaryň obýektinde bolmagynda galýar.

Häzirem resmi propaganda her günde diýen ýaly türkmen halkynyň bäş müň ýyllyk taryhynyň bardygyny, halkymyzyň "ýetmiş iki" döwleti döredip, "ýetmiş iki" saz guralda saz çalandygyny, türkmeniň nurdan dörän bir halkdygyny ylmy tutaryksyz mahabatlandyrma bilen beýan edýär. Emma ylmy ösdürjek bolsak, dünýä ýüzünde gülki bilen kabul edilen, Nyýazowyň rowaýatdyr-ertekä esaslanýan "taryhyndanam", ylmy düşünjäni masgara eden, türkmen alymlarynyň gorky astynda tapan, diktatoryň öňünden kesgitlän "ýetmiş ikilik" pelsepesindenem el çekmäge wagt boldy.

Hakykatdanam, halkymyzyň geçmişiniň ylmy esasda dikeldilmegini isleýän bolsak, ylymdan syýasatyň gözegçiligini doly aýyrmaly, döwlet diňe taryhçylaryň taryhy ýazmagyna ýardam bermeli. Ine, şonda halkymyz özüniň baý hem şöhratly taryhyna guwanyp, her bir häkimiýet çalşygynda halkymyzyň geçmişi dürlüçe beýan edilmez.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG