Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kristin Lagard Halkara pul gaznasynyň başlygy boldy


Halkara pul gaznasynyň başyna ilkinji gezek aýal maşgala, ýagny Fransiýanyň maliýe ministri Kristin Lagard saýlandy.

Bu baradaky karar düýn Waşingtonda Halkara pul gaznasynyň dolandyryjylarynyň mejlisinde kabul edildi.

Halkara pul gaznasynyň metbugat wekili Deýwid Hawleý şeýle diýdi: “Kristin Lagard Halkara pul gaznasynyň dolandyryjy direktorlygyna saýlandy. Bu bäş ýyllyk möhlet şu ýylyň 5-nji iýulynda başlanýar. Dominik Straus-Kanyň ýerine geçen Lagard Halkara pul gaznasynyň ilkinji aýal başlygy bolar”.

Halkara pul gaznasynyň ozalky başlygy Dominik Straus-Kana jynsy zorluk etmekde aýyplama bildirilenden soň, ol wezipesinden çekilipdi.
XS
SM
MD
LG