Sepleriň elýeterliligi

Owgan Merkezi bankynyň öňki başlygy jenaýatda aýyplanýar


Owganystanyň hökümeti ýurduň Merkezi bankynyň ozalky başlygyny tussag etmek barada höküm çykardy. Abdul Kadyr Fitrat maliýe jenaýatlaryna dahyllylykda aýyplanýar.

Häzir Fitrat Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýaşaýar.

Owganystanyň Baş prokurorynyň orunbasary general Rahmatullah Nazariniň aýtmagyna görä, Fitratyň tussag edilmegi baradaky höküm Interpola we Birleşen Ştatlaryň Kabuldaky ilçihanasyna ýollanypdyr.

Duşenbe güni Abdul Kadyr Fitrat Owganystanda öz janyna howp abanýandygyny aýdyp, wezipesinden çekilýändigini yglan edipdi.
XS
SM
MD
LG