Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkiýede kürt deputatlary kasam çäresini boýkot etdiler


Sişenbe güni Türkiýede ýurduň parlamentiniň täze düzüminiň ilkinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda kürt deputatlary kasam kabul etmek çäresini boýkot etdiler.

Bu çäre oppozisiýa kandidatlarynyň käbiriniň ýüzbe-ýüz bolup duran hukuky meselelerine garşy protest hökmünde geçirildi.

Türkiýäniň sudy parlamente saýlanan dokuz deputatyň sud diňlenişigi geçirilýänçä, olary tussaglykdan çykarmakdan ýüz öwürýär. Şol bir wagtda bularyň arasyndan biri, terror bilen ilteşikde bolandygy baradaky aýyplamalar sebäpli, parlamentdäki ornundan mahrum edildi.
XS
SM
MD
LG