Sepleriň elýeterliligi

Talyp söweşijileri Kabuldaky myhmanhana hüjüm etdiler


Öten agşam Owganystanyň paýtagty Kabuldaky «Intercontinental» myhmanhanasynda ýaragly hüjümçileriň amala aşyran hüjüminde azyndan 21 adam öldi.

Owganystanyň Içeri işler ministrligi bu wakada 9 sany ýaragly hüjümçiniň myhmanhananyň içine girip, ondaky adamlary oka tutandyklaryny aýdýar. Birneme soňra bu hüjümçileriň hemmesi atylyp öldürilipdir.

“Intercontinental” myhmanhanasynyň gabawy şu gün irden NATO wertolýotlarynyň ot açmagynda soňky iki söweşijiniň öldürilmegi bilen tamamlandy.

Myhmanhananyň gabawy bäş sagada golaý çekdi.

Bu wakanyň yzy bilen “Talyban” söweşijileri bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstlerine alyp beýanat ýaýratdylar.

Birleşen Ştatlar bu hüjümi ýazgardy.
XS
SM
MD
LG