Sepleriň elýeterliligi

Grek parlamenti çykdaýjy azaltmak boýunça ses berýär


Şu gün grek parlamenti çykdaýjylary 28 milliard ýewro möçberinde azaltmak baradaky çäreler boýunça ses berişlige başlaýar.

Iki günläp dowam etjek ses berişligiň öňüsyrasy Afinyda parlament binasynyň daşynda polisiýa demonstrantlar bilen çaknyşdy. Bu wakada azyndan 46 adamyň ýaralanandygy we 14 adamyň tussag edilendigi habar berilýär.

Düýn jemgyýetçilik işgärleriniň köpüsi 48 sagatlyk iş taşlaýyşa başlapdy.

Häzir Gresiýa 1970-nji ýyldan bäri iň erbet ykdysady çökgünlik bilen ýüzbe-ýüz bolup dur.
XS
SM
MD
LG