Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Sudanyň prezidentiniň uçaryny üstünden geçirmedi


Halkara Jenaýat sudy tarapyndan genosidde aýyplanýan Sudanyň prezidenti Omar al-Başir sişenbe güni Hytaýa bardy.

Ilki başda bu sapar duşenbe gününe planlaşdyrylypdy. Sudanyň Daşary işler ministrliginiň aýtmagyna görä, saparyň bir gün gijikdirilmeginiň sebäbi prezident uçarynyň marşrutynyň üýtgemegi bilen baglydyr.

Türkmenistanyň hökümeti Omar al-Başiriň uçarynyň ýurduň howa giňişliginden geçmegine rugsat bermedi. Şol sebäpli uçar Pakistanyň üstünden uçdy diýip, Sudanyň mediasy habar berdi.

Omar al-Başir Sudanyň günbatar Darfur regionynda gümän edilýän genosidde, uruş jenaýatçylygynda we adamzada garşy jenaýat etmekde aýyplanýar.

Halkara Jenaýat sudy bu aýypalamalar boýunça Al-Başiriň sud edilmegi üçin onuň tussag edilmegine höküm çykarypdy.

Adam hukuklaryny goraýjy halkara toparlar Hytaýy Sudanyň prezidenti Omar al-Başiri kabul edýändigi üçin berk tankytlaýarlar.
XS
SM
MD
LG