Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda YHG-niň ministrleriniň maslahaty açyldy


Sişenbe güni Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna girýän ýurtlaryň transport we aragatnaşyk ministrleriniň maslahaty öz işine başlady.

Bu maslahata Türkiýeden, Pakistandan, Eýrandan, Gazagystandan, Täjigistandan, Özbegistandan, Azerbaýjandan we Owganystandan wekiller gatnaşýarlar.

Maslahatyň delegatlarynyň hatarynda Yslam ösüş bankynyň we Ýol ulaglarynyň halkara bileleşiginiň wekilleri-de bar.

Iki gün dowam etjek maslahatyň dowamynda delegatlar transport we aragatnaşyk hyzmatlarynyň bazaryny ösdürmek, şeýle hem bu ugurdaky hyzmatdaşlyklary ýokarlandyrmak meseleleri barada maslahat ederler.
XS
SM
MD
LG