Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli gutlaglar iberilýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Şu gün Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni mynasybetli onuň adyna ýurduň dürli kollektiwlerinden yzygiderli gutlaglaryň gelýändigi habar berilýär.

Maglumata görä, düýn bu waka bilen baglanyşykly Türkmenistanyň ähli welaýat administrasiýalaryndan, hökümet edaralaryndan, umumymilli «Galkynyş» hereketiniň düzümine girýän ähli guramalaryň ýolbaşçylaryndan-da prezidentiň adyna gutlaglar gelipdir.

Sişenbe güni prezident administrasiýasynyň jogapkär işgärleri bolan W.Hramowyň, A.Žadanyň, Y.Paromowyň, H.Muhammedowyň, G.Hojaberdiýewiň, K.Çaryýardurdyýewiň we G.Töräýewiň adyndan hem prezident Berdimuhamedowa ýörite gutlagyň gelendigi habar berilýär.

Sişenbe güni prezident Berdimuhamedow öz doglan gününiň edil öňisyrasy bir günüň dowamynda daşary ýurt kompaniýalarynyň 20-ä golaýynyň ýolbaşçylaryny aýry-aýrylykda kabul etdi.

Prezidentiň kabul eden biznesmenleriniň hatarynda Orsýetiň «Kamaz» aksionerler jemgyýetiniň baş direktory, Türkiýäniň «Polimeks» kompaniýasynyň başlygy, Birleşen Ştatlaryň «Şewron» korporasiýasynyň wise-prezidenti, Fransiýanyň «Medef International» atly telekeçiler assosiasiýasynyň başlygy, Orsýetiň nebit-gaz senagatçylarynyň bileleşiginiň geňeş başlygy, Fransiýanyň «Winçi Konstruksýon Gran Prože» atly belli gurluşyk kompaniýasynyň prezidenti we köpsanly beýleki daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary boldular.

Duşuşykda bu biznesmenleriň hemmesi prezident Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlap, özleriniň Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlyklara gyzyklanma bildirýändiklerini-de mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG