Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsürde polisiýa protestçiler bilen çaknyşdy


Şu gün Müsüriň paýtagty Kairiň merkezinde polisiýa güýçleri ýüzlerçe protestçiler bilen çaknyşdy. Polisiýa işgärleri protestçileri dargytmak üçin dubinkalary we göz ýaşardyjy gazlary ulandylar.

Munuň özi Müsüriň ozalky hökümet resmileriniň sud prosesleriniň çaltlandyrylmagy talap edilip geçirilýän nobatdaky demonstrasiýadyr.

Sişenbe güni hem Kairiň merkezinde şuňa meňzeş demonstrasiýa gurnalanda, polisiýa işgärleri protestçileri güýç ulanyp dargydypdy.
XS
SM
MD
LG