Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gresiýada parlament binasynyň öňünde protest geçirildi


Şu gün Gresiýanyň paýtagty Afinyda müňlerçe protestçiler parlamentiň salgyt we aýlyk meseleleri barada täze düzgünlere ses bermeginiň öňisyrasynda parlament binasynyň öňünde demonstrasiýa ýygnandylar.

Protestçiler polisiýa güýçleriniň gorag diwaryny böwsüp geçmäge synanyşanlarynda, ikitaraplaýyn garpyşyklar ýüze çykdy.

Ýewropa Bileleşigi we Halkara pul gaznasy Gresiýa beriljek karzlar bilen baglanyşykly ýurtda salgytlaryň ýokarlandyrylmagy we tölegleriň azaldylmagy ýaly çäklendiriji düzgünleriň girizilmegini talap edýär.

Ýewropa Bileleşigi we Halkara pul gaznasy geljek 3 ýylyň dowamynda Gresiýa jemi 110 milliard ýewro möçberinde kredit bermekligi göz öňünde tutýar.
XS
SM
MD
LG