Sepleriň elýeterliligi

«Aşgabat» — täze kinoteatr


3D ölçegli filmleri görkezýän kinozaly hem bar bolan döwrebap «Aşgabat» kinoteatry, 2011-njy ýylyň iýuny.

3D ölçegli filmleri görkezýän kinozaly hem bar bolan döwrebap «Aşgabat» kinoteatry, 2011-njy ýylyň iýuny.

29-njy iýunda Türkmenistanyň paýtagtynda «Aşgabat» kinoteatrynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa ýurduň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

3D ölçegli filmleri görkezýän kinozaly hem bar bolan döwrebap «Aşgabat» kinoteatryny “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň buýurmasy esasynda Fransiýanyň «Vinci Construction Grands Projets» kompaniýasy bina etdi.

Berdimuhamedow «Aşgabat» kinoteatrynyň açylyş dabarasynda, 29-njy iýun.
Kontrakt boýunça şu ýylyň martynda gurluşygy doly tamamlanmaly edilen bu kinoteatryň açylyşy üç aý gijä galdyrylyp, ol Berdimuhamedowyň doglan gününe gabatlanyp, ulanylyşa girizildi.

Aşgabadyň merkezinde bina edilen bu kinoteatryň özboluşly taryhy bar. Täze kinoteatr geçen asyryň üçünji çärýeginde paýtagtlylara hyzmat eden «Aşgabat» kinoteatrynyň ýerleşýän ýerinde bina edilipdi. Bary-ýogy 200 orunlyk bolan bu kinoteatr 1970-nji ýyllarda Ýaş tomaşaçylar teatryna berlipdi. 2006-njy ýylda ýaşlar teatry täze binasyna göçensoň, köne binanyň ýerine bu ýerde döwrebap kinoteatry gurmagyň kararyna gelinýär.

Kinoteatrlaryň galkyndyrylmagy

Wideomagnitafonlaryň, CD-DVD pleýerleriň çykmagy, çanak antennalaryň döremegi halky kinoteatrlardan barha daşlaşdyrýardy. Bu problemany ýeňip geçmek ösen ýurtlara-da kyn başardýardy. Emma Türkmenistan welin bu meseläni özboluşly «çözüpdi».

SSSR-iň dargamagy bilen Türkmenistana daşary ýurtlardan kinolaryň gelmeginiň kesilmegi halky kinoteatrlardan doly daşlaşdyrdy. Tomaşaçylaryň asla gelmeýänligi sebäpli, paýtagtda bar bolan kinoteatrlar wagtyň geçmegi bilen toý mekanlaryna, güýmenje merkezlerine, diskotekalara öwrüldi. Soňy bilen Türkmenistanda kinoteatr diýen düşünje ýitip gitdi.

2008-nji ýylda Aşgabatda geçirilen halkara kinofestiwala gatnaşan filmler ýurtda kinoteatrlaryň ýoklugy sebäpli, paýtagtyň teatrlarynda görkezilipdi.

Berdimuhamedow döwlet başyna gelensoň, ýurtda kinoteatrlary dikeltmek baradaky karary kabul edýär. Netijede ozalky «Watan», «Gurbansoltan eje» kinoteatrlary rekonstruksiýa edildi. Täzeden dikeldilen «Gurbansoltan eje» kinoteatrynyň adyna bolsa «Türkmenistan» diýen at berildi.

Halk kinoteatrlara barmaýar

Täze ideologiýanyň kino sungatyny, şol sanda kinoteatrlary galkyndyrmak baradaky edýän tagallalaryna garamazdan, halk köpçüligi täzeden dikeldilen kinoteatrlara barybir barmaýar. Munuň hem sebäbi kinoteatrlarda halkyň isleýän kinolarynyň görkezilmeýänligidir.

Kinoteatrlar öz girdejilerini, esasan, şenbe hem-de ýekşenbe günlerinde gurnaýan estrada aýdymçylarynyň konserti bilen gazanýar.
Paýtagtdaky «Watan» hem-de «Türkmenistan» kinoteatrlarynda soýuz döwründe düşürilen türkmen kinofilmleri hem-de soňky ýyllarda döredilen wideofilmler görkezilýär. Daşary ýurt kinofilmlerinden bolsa soýuz döwründe terjime edilen kinolar görkezilýär.

Kinoteatrlar öz girdejilerini, esasan, şenbe hem-de ýekşenbe günlerinde gurnaýan estrada aýdymçylarynyň konserti bilen gazanýar. Eger-de kinoteatrlaryň girdejileriniň aýdymçylaryň konsertine baglydygyny nazara alsaň, onda olaryň öz funksiýasyny doly ýerine ýetirip bilmeýändikleri ýüze çykýar.

Täze kinoteatr talaby ödärmi?

«Aşgabat» kinoteatrynyň açylyş dabarasynda bu ýere ýygnananlara 3D ölçegde döredilen «Türkmenistan — jennet mekany» atly film görkezildi. Bu film türkmen kino sungatynda ilkinji gezek 3D ölçegde döredilen eserdir.

3D ölçegde kinofilme tomaşa etmegi arzuw edýän aşgabatlylaryň täze açylan kinoteatry ep-esli wagtlap doldurjakdygyna garaşylýar. Emma bu filmden paýtagtlylar we olaryň myhmanlary irensoň, olara täze bir 3D ölçegde kinofilmiň hödürlenjekdigine umytlar az. Sebäbi türkmen ideologiýasy uruşly, gan döküşikli, şeýle hem „türkmen mentalitetine gabat gelmeýän“ häsiýetdäki kinolara berk gadagançylyk girizýär.

Mundan başga-da «Türkmenfilm» birleşigine degişli kinowideoprokatyň daşary ýurtlardan ummasyz pula durýan täze 3D ölçegdäki kinolary satyn almaga gurbunyň çatmajagy barada aýdylýar. Eger-de ol filmler alnaýan ýagdaýynda-da çykarylan çykdajynyň ýekeje kinoteatrdan öwezini dolmagyň kyn düşjekdigi mälim edilýär.

Çanak antennalarynyň üsti bilen dünýäniň iň bir naýbaşy kinolaryny saýlap-saýlap görýän türkmen auditoriýasynyň öz ýurdunyň kinostudiýasyndan edýän talaby gaty ýokary. Emma Türkmenistanda döredijilige senzuranyň berk gözegçilik edýänligi sebäpli, Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi halkyň göwnünden turýan filmleri hödürläp bilmeýär.

Galyberse-de, ýurtda awtorlyk hukugyny goramak boýunça hiç bir işiň alnyp barylmaýanlygy sebäpli, «Türkmenfilm» birleşiginiň döreden kinolary heniz döwlet komissiýasyndan geçmänkä CD-DVD dükanlarynda satuwa çykarylýar. Ine, şeýle meseleler ilaty täze döredilen kinotetarlara barmazlyga şert döredýär.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG