Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedowyň doglan gününiň dabaralary


Ekranyň üsti bilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň gitarada ýerine ýetiren aýdymy bolsa «Ruhyýet» köşgüne gelen tomaşaçylary haýran galdyrdy.
Ekranyň üsti bilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň gitarada ýerine ýetiren aýdymy bolsa «Ruhyýet» köşgüne gelen tomaşaçylary haýran galdyrdy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni ýurduň ähli ýerinde uly dabaralara beslendirildi.

28-nji iýunda ýigrimä golaý dünýäniň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlamak üçin “Serdar” kabulhanasynda audiensiýa aldylar. Ertesi gün bolsa ýurduň ýolbaşçy toparlary prezidenti ýörite gutlap, oňa gül desselerini dabaraly gowşurdylar.

Ýurduň ýolbaşçy toparlary prezidenti ýörite gutlap, oňa gül desselerini dabaraly gowşurdylar.
Berdimuhamedow prezidentlik wezipesinde doglan gününi indi bäşinji gezek belleýär. Geçen ýyllarda ol öz doglan güni ýakynlaberende döwlet sapary bilen daşary ýurtlara giderdi. Emma bu ýyl ol hiç ýere gitmedi, doglan gününde paýtagtyň merkezinde täze bina edilen «Aşgabat» kinoteatrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň doglan güni döwlet derejesinde bellenilýärdi. Kalendarda 19-njy fewral Saparmyrat Türkmenbaşynyň doglan güni hem-de Döwlet baýdagynyň güni diýlip belgilenýärdi. Şeýlelikde, prezidentiň doglan gününi bellemek üçin döwlet býujetinden goýberilýän maliýe serişdeleri usullylyk bilen resmileşdirilipdi.

Berdimuhamedowyň doglan güni ilkibada resmi agzalmasa-da, ýyllaryň geçmegi bilen, bu sene döwlet derejesinde bellenilip geçiläýmeli senä öwrülip başlady. Hususan-da onuň şu gezekki doglan gününe aýratyn röwüş çaýyldy. Ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde 29-njy iýuna aýratyn bir sene hökmünde wajyp orun berildi.

Ruhyýet köşgündäki dabara

Prezidentiň doglan güni mynasybetli, 29-njy iýunda «Ruhyýet» köşgünde guralan konsert Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda bu golaýda görlüp-eşidilmedik konsert boldy. Şu çaka çenli şeýle mukdardaky ýyldyz aýdymçylar birbada türkmen tomaşaçylarynyň öňünde çykyş etmändiler.

Bu konserte tomaşaçylar diňe çakylyk boýunça çagyryldylar. Konsertde daşary ýurduň ýyldyz aýdymçylary Patrisia Kaas, Taisa Powali, Boney-M, Araş, Ingrid, Filip Kirkorow, Natalýa Podolskaýa, Wera Brežnewa, Zara dagy öz aýdymlary bilen çykyş etdiler. Ekranyň üsti bilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň gitarada ýerine ýetiren aýdymy bolsa «Ruhyýet» köşgüne gelen tomaşaçylary haýran galdyrdy.

«Ruhyýet» köşgünde çykyş eden daşary ýurtly aýdymçylaryň gatnaşmagyndaky konsert paýtagtyň amfiteatrynda hem boldy.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG