Sepleriň elýeterliligi

Çehiýa Owganystandaky esgerlerini azaltmakçy


Çehiýa respublikasy özüniň Owganystandaky esgerleriniň sanyny geljek ýylyň ikinji ýarymyna çenli 720-den 520-ä çenli azaltmagy planlaşdyrýar. Bu barada Çehiýanyň harby ştabynyň başlygy Wlastimil Piçek mälim etdi.

Çeh esgerleri esasan Owganstanyň Logar welaýatynda geçirilýän dikeldiş işlerine gatnaşýarlar.

Birleşen Ştatlar we NATO 2014-nji ýylyň ahyryna çenli Owganystanyň howpsuzlygynyň jogapkärçiligini ýerli güýçlere geçirmegi göz öňünde tutýarlar.
XS
SM
MD
LG