Sepleriň elýeterliligi

Belarusyň paýtagtynda onlarça protestçi tussag edildi


Belarusyň paýtagty Minkside rugsat berilmedik demonstrasiýa geçirilende onlarça protestçi tussag edildi.

Bu wakalaryň bolan ýerinden Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň beren maglumatyna görä, ýüzlerçe adam demonstrasiýa gatnaşmak üçin köçelere çykypdyr.

“Wesna” atly adam hukuklaryny goraýjy guramanyň aýtmagyna görä, bu wakalarda polisiýa 100 töweregi adamy tussag edipdir.

Belarusyň hökümetine garşy jemgyýetiň gahar-gazaby gitdigiçe artýar. Bu ýurt häzir post-sowet döwründäki iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýär.
XS
SM
MD
LG