Sepleriň elýeterliligi

Britaniýa Eýranyň raketa synaglaryna alada bildirdi


Britaniýa Eýranyň gizlinlikde ballistik raketlaryň, şol sanda ýadro zarýadlaryny daşap bilýän rekatlaryň synaglaryny geçirýändigini aýdýar.

Britaniýanyň daşary işler ministri William Hag bu synaglaryň BMG-niň rezolýusiýalaryna gös-göni garşy gelýändigini nygtady.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Ramin Mehmanparast ýadro zarýadyny daşamak mümkinçiligi bolan raketlaryň synagynyň geçirilmändigini öňe sürdi.

Eýranyň beren maglumatyna görä, ol özüniň 10 günlik harby türgenleşiginiň çäginde sişenbe güni 2000 km. çenli nyşanany urmak ukyby bolan “ýer-ýer” kysymly raketlaryň synagyny geçiripdir.
XS
SM
MD
LG