Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Afrikada 40-a golaý adam ýyldyrymdan öldi


Afrikanyň Uganda we Nigeriýa döwletlerinde 40 töweregi adam ýyldyrym urmagy sebäpl öldi diýlip, habar berilýär.

Uganda resmileriniň aýtmagyna görä, sişenbe güni ýyldyrym bir mekdebe uranda 22 student we bir mugallym ölüpdir. Şeýle-de 50 töweregi studente şikes ýetendigi aýdylýar.

Nigeriýa resmileriniň berýän maglumatyna laýyklykda, sişenbe güni ýurduň demirgazygynda aýry-aýrylykda dörän ýyldyrymlar sebäpli 15 adam ölüpdir.
XS
SM
MD
LG