Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zamunlykda saklanan fransuz žurnalistleri Fransiýa dolandylar


Owganystanda “Talyban” söweşijileri tarapyndan 18 aýlap zamunlykda saklanan fransiýaly žurnalistler Stefan Taponier bilen Herw Geskuir penşenbe güni Fransiýa dolanyp geldiler.

Fransiýanyň “France-3” telekanalynyň bu žurnalistlerini Parižiň günortasyndaky harby aeroportda onuň maşgala agzalary, ýokary derejeli resmiler bilen bir hatarda prezident Nikolýa Sarkozi hem garşy aldy.

Žurnalistler Stefan Taponier bilen Herw Geskuir 2009-njy ýylyň noýabrynda Owganystanyň Kapisa welaýatynda öz terjimeçileri bilen bilelikde "Talyban" söweşijileri tarapyndan zamun alnypdylar.

Olaryň nähili şertlerde zamunlykdan azat edilendikleri barada häzirlikçe anyk maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG