Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde käbir döwlet kompaniýalarynyň aksiýalary hususy eýeçilige satylar


Çarşenbe güni Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew ýurduň hökümetine öz eýeçeligindäki käbir döwlet kompaniýalarynyň aksiýalaryny hususy eýeçilige satmaklyga görkezme berdi. Ol bu barada býujet syýasaty bilen baglanyşykly eden çykyşynda aýtdy.

Prezident Medwedew döwlet eýeçiligindäki emläkleriň hususylaşdyrylmagynyň daşary ýurt inwestisiýalaryny çekmeklige hem-de konkurensiýany höweslendirmeklige ýardam etjekdigini belledi.

Şu hepdäniň başynda Orsýetiň maliýe ministri Alekseý Kudrin hem ýurduň hökümetiniň geljek bäş ýylyň içinde “Rostneft” energiýa kompaniýasyndaky, “Aeroflot” howa kompaniýasyndaky we käbir beýleki iri kompaniýalardaky aksiýalaryny hususy eýeçilige satmakçygydygyny mälim edipdi.
XS
SM
MD
LG