Sepleriň elýeterliligi

NATO liwiýaly söweşijilere ýarag berilmegine gatnaşmandygyny aýdýar


Penşenbe güni NATO-nyň Baş sekretary general Anders Fogh Rasmussen Liwiýanyň oppozision söweşijilerine Fransiýanyň ýarag bermegi bilen baglanyşykly işlere NATO-nyň özüniň dahylly däldigini aýdyp çykyş etdi.

Wenada žurnalistleriň öňünde eden bu çykyşynda ol Liwiýanyň oppozision güýçlerine Fransiýadan başga haýsydyr bir ýurduň ýarag berendigi barada özünde hiç hili maglumatyň ýokdugyny aýtdy.

Şu hepdäniň çarşenbe güni Fransiýanyň resmileri liwiýaly söweşijilere ýarag goldawyny berendiklerini boýun alyp, ilkinji gezek beýanat ýaýratdylar.

Liwiýanyň oppozision Milli Geçiş Geňeşi Muammar Kaddafiniň güýçlerine garşy netijeli göreşmek üçin özlerine ygtybarly ýarag goldawynyň zerurdygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG