Sepleriň elýeterliligi

BMG Haririniň öldürilmegi boýunça derňew netijelerini Liwana iberdi


Penşenbe güni BMG-niň ýörite tribunaly Liwanyň ozalky premýer-ministri Rafik Haririniň janyna kast edilmegi bilen baglanyşykly geçiren derňewleri boýunça bu ýurduň baş prokuroryna öz kararlaryny gönderdi.

Liwanyň baş prokurory bu kararlaryň arasynda anyk jenaýat aýyplamalarynyň we dört sany şahsyýeti tussag etmek baradaky kararyň hem bardygyny mälim etdi.

Mundan ozal BMG-niň bu tribunalynyň resmileri 2005-nji ýylda amala aşyrylan bu hüjümde Liwandaky “Hizbulla” şaýy toparynyň agzalaryna güman bildirýändiklerini mälim edipdiler.

Ýöne Liwanyň baş prokurory häzirki aýyplama bildirilen adamlaryň kimlerdikleri barada anyk maglumat bermedi.
XS
SM
MD
LG