Sepleriň elýeterliligi

Myrat Diwanaýewiň ýedigeni — ýedi ýyldyzy


Ussat aýdymçy, şahyr, fotožurnalist, hudožnik hem keramikaçy Myrat Diwanaýew

Ussat aýdymçy, şahyr, fotožurnalist, hudožnik hem keramikaçy Myrat Diwanaýew

Myrat Diwanaýewiň aýdymçydygynam (bu uly ile belli zat), şahyrçylyga köňül berendiginem (birnäçe goşgusyny okabam beripdi, ýatdan aýdybam beripdi), fotosuratçydygynyam (sebäbi mundan birnäçe ýyl ozal halypa ýazyjy ikimizi Hazaryň tolkunlarynyň arasynda surata düşüripdi) bilýärdim. Ýöne bu sadadan täsin adamyň çeper döredijiliginiň ýedigene, ýedi ýyldyza toýnuk salandygyndan welin habarsyzdym.

Hawa, Myrat aganyň ýedi çeperçilik hünäriniň ýedigeniniň — ýedi ýyldyzynyň ýedi gonup, ýedi göçüp, döredijilik älemine çaýan nurana şuglasyny onuň öz 75 ýaşyna bagyşlap, özüniň alada-tagalla baryny edip guran şahsy sergisine iki hepdäniň dowamynda synlan tomaşaçylaram, bizem gördük.

"Aý dogsa — älem görer" diýleni. Şol günler mundan onlarça ýyl ozal sowet we daşary ýurt kompozitorlarynyň aýdymlarynyň Moskwada geçirilen bütinsoýuz festiwalyň laureaty diýen ýekeje resmi atly Myrat Diwanaýewiň hormatly atlaryň telimsine mynasypdygyny onuň ýedigen öwüşginli talantynyň eserleri aňryýany bilen görkezdi.

Şonuň üçin-de Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň başlygy heýkeltaraş Babasary Annamyradow ýedigeniň diňe bir ýyldyzyny Myrat aganyň žiwopis, grafika işleriniň birnäçesini synlan badyna öz tolgunmasyny, olardan alan täsirini içinde saklap bilmän, "Adamlar, eger makul bilseňiz, şu ajaýyp kartinalary üçin Myrat Diwanaýewi Hudožnikler birleşigimiziň agzalygyna kabul edeliň" diýip, märekä ýüzlendi welin, zal bu teklibi oňlamak bilen güwwüldedi.

Elbetde, onuň hudožnik hökmünde gel-gel 75 ýaşandan soň ykrar edilmegi gijigen ýaly. Ýöne "hiçden giç ýagşy" diýlipdir. Bu ykrar edilmek Myrat Diwanaýew ýaly sekizinji onlugy ortalasa-da juda gujurly ussada el hünäriniň täze-täze nusgalaryny nesillere galdyrmakdan ötri uly ruhy goldaw bolar diýip ynanýaryn.

15-nji iýunda Aşgabatda ussat aýdymçy, şahyr, fotožurnalist, hudožnik hem keramikaçy Myrat Diwanaýewiň sergisi açyldy. Ol iki hepde dowam etdi.

Şeýlelikde onuň sungatynyň döredijilik älemine göterilen ýedigeniniň bir ýyldyzy baradaky söhbetime girişdim. Eýsem höwesjeň hudožnigiň eserleri hökmünde sergide goýlup, ussatlar, sungaty öwrenijiler, tomaşaçylar tarapyndan kämilligi ykrar edilen kartinalaryň temalary nämelerden ybarat?

Olaryň baş gahrymanynyň adamlardygy, onda-da döredijilik adamlarydygy bada-bat göze ilýär. Ilki bilenem gözüň ilkinji türkmen gitaraçysy, zehininiň gülläp ösýän çagynda aramyzdan pajygaly ýagdaýda ir giden Yslam Babaýewiň portretine düşýär. M.Diwanaýew onuň uly fotoportretini hem döredipdir. Portretleriň ikisi-de sazandanyň, aýdymçynyň keşbini ony görmedik adamlaryň hem aýdyň göz öňüne getirer ýaly derejede ussatlyk bilen çekilipdir. Olar biri-biriniň üstüni ýetirip dur. Olardan hudožnigiň, fotosuratçynyň öz gahrymanyna bolan belent hormaty, onuň ömür tanapynyň ir gyrlanyna bolan çuňňur gynanjy bütin aýdyňlygy bilen görnüp dur.

Myrat aganyň çeper döredijiligiň ýedi ugry, görnüşi bilen meşgullanmaga wagt tapyşyna haýran galaýmaly.Onuň diňe bir hudožnik hökmünde döreden eserlerine baha bermek, olary häsiýetlendirmek beýle-de dursun, diňe sanap çykmagam köp wagtyňy aljak.

Myrat Diwanaýewiň kist bilen, fotoapparat bilen döredilen awtoportretleriniň-de janly, kämil çykandygyny aýtmak gerek. Olary SSSR-iň halk hudožnigi Yzzat Gylyjowyň, Türkmenistanyň halk hudožnikleri Aman we Çary Amangeldiýewleriň, Gylyçmyrat Ýarmämmedowyň, ýene-ýeneleriň keşpleri bilen bir hatarda görmek mümkindir. Ussat özüni tomaşaçylara öz gözi bilen görkezmegi aýratynam forosuratlarynda başarypdyr.

Ýöne fotosuratçylyk onuň döredijilik ýedigeniniň ikinji ýyldyzy bolmak bilen çäklenmeýär. Ol ýurdumyzyň tanymal döredijilik ussatlarynyň keşplerini taryh üçin, geljekki nesiller üçin berçläpdir. Olaryň bahasyna ýeter ýaly däl. Döwlet arhiwi fotosuratçynyň öz öýünde saklaýan müňlerçe fotosuratlaryna eýe çyksa, taryhymyzyň, şu günümiziň doly manyly ýyl ýazgysyny edinip biler, ony nesiller üçin aýawly saklap biler diýip hasaplaýaryn.

Belli aýdymçynyň keramika, külallyk bilen meşgullanmagy-ha meniň üçin garaşylmadyk ýakymly sowgat bolmak bilen ýedigen ýyldyzlar toplumynyň üçünjisi hökmünde aňyma berçlendi. Dogrusy, serginiň bir burçunda goýlan keramiki güldanlary, gaýry zatlary onuň ýasan zatlarydyram öýtmändirin. Olaryň enaýylygyny özüň ýakyndan ýa eliňe alyp synlamasaň, söz bilen suratlandyrar ýaly däl.

Myrat Diwanaýewiň sungat ýedigeniniň üçünji ýyldyzy şahyrana döredijilikdir.Ol şygyrlaryny rus dilinde ýazýar, olaryň arasynda syýasy goşgular-da, liriki goşgular-da bar. Häzir okyjylaryň dykgatyna olaryň hiç birini dolulygyna ýetirmäge mümkinçiligim ýok, ýöne serginiň bir künjünde ýerleşdirilen käbir bentleri terjime edip, hödürlemegi makul bildim.

Jennet ýaly durmuş gözmüň ýagynda
Döredýän, oýnaýan, aýdym aýdýaryn.
Ýöne durmuş tukat bolan çagynda,
Dinozawr deý bu dünýäden gaýdýaryn.


Ýene bir bent:

Men ýazyp bilemok, kellämde ýok oý,
Bilemok ýaşabam, aýdymam aýdyp...
Sen kalbymda, aramyz daş däl, golaý,
Garaşýan ähli zat dolanar öýdüp.


"Däp we kanun" goşgusy bary-ýogy bir bentden ybarat:

Eger sen bolsaň-da uly bir ketde
Ýa artist, akyldar, belki, maýadar.
Agyr işlerde-de, söýgüde hatda,
Elmydam paýhasda doly halas bar.


Myrat aga şahyr hökmünde dörediji adama berýän maslahatyny-da bir bende sygdyrypdyr:

Sen asla tersleşme, hiç kime degme,
Ümsümlikde döret dürdäne eser.
Ädimiňi saýlan ýoluňdan sowma,
Bilip goý: jenjeller ömrüňi keser.


"Toýdan—topukça" diýlenine eýerip, okyjylara ýetiren bentlerim, esasan, aýdymçy hökmünde tanalyp ýörlen adamyň şahyrana ýyldyzynyň hem şuglasynyň ýitidigini görkezýärmikä diýýärin.

Köpler Myrat Diwanaýewiň talantynyň bijebaşy ugry diýip onuň aýdymçylygyny hasaplaýar. Ol ilkinji turkmen basy hasaplanmagy ýöne ýerden däl bolsa gerek. Ý.Meýtusyň "Magtymguly" operasynda Hywa hanynyň roly onuň ýerine ýetiren ýeke-täk roly däldir. Iki — rus we türkmen dillerinde aýdym aýtmagy hem artykmaçlygydyr. Onuň romanslary ýerine ýetirişine Iosif Kobzon ýaly dünýä belli aýdymçylar ýokary baha beripdiler.

Aýdymçylyk Myrat Diwanaýewiň sungat ýedigeniniň bäşinji ýyldyzydyr. Ol barada näçe gürrüň etseň edip otyrmaly, ýöne aýdymçyny diňläp baha bermek, onuň owazyndan lezzet almak has dogrudyr diýip pikir edýärin.

"Özüniň döreden romanslary" diýen sözüme geňirgenjekler tapylsa gerek. Ýöne bu ýerde geňirgenere zat ýok. Sebäbi Myrat Diwanaýewiň talanty kompozitorlygynda hem öz beýanyny kemsiz tapypdyr.

"Aýnanyň hüwdüsiniň" sazyny-da, sözüni-de ýazmagy, Nobel baýragynyň laureaty Iwan Buniniň adybir goşgusyna, "Bahar ýyldyzlary", Garajaoglanyň sözlerine aýdymlar-romanslar döretmegi onuň bu ugurda-da kämilliginiň güwäsi. Şahyr Saparmyrat Öwezberdiýew bilen bilelikde sözlerini ýazyp, döreden "Goja artistiň aýdymy-da" kompozotorlyk zehininden habar berýär.

"Diwana geldi" diýen aýdymlar we romanslar ýygyndysyny çap etdirmegi Myrat Diwanaýewiň kompozitorlygyny onuň döredijilik ýedigeniniň altynjy ýyldyzy hasaplamaga esas beýär. Sergisiniň açylan gününde Türkmenistanyň halk artisti Myrat Sadykowyň, öz şägirtleri Maýa Annaýewanyň, Sähra Baýryýewanyň ýubilýaryň döreden aýdymlarydyr romanslaryny ýerine ýetirmekleri onuň kompozitorlyrynyň ykrar edilmeginiň alamatydyr.

Onuň ýedinji ýyldyzy halypa pedagoglygydyr. Onuň ýüzden gowrak şägirdi bolup, olardan Walýa Ragowiç Nýu-Ýorkda, Alýa Glazunowa Moskwada ýaşaýar we işleýär.

Ine, Myrat Diwanaýewiň sungat älemeindäki ýedigeni şeýle. Oňa gözüň gidýär!

Aşyrguly Baýryýew Aşgabatda ýaşaýan garaşsyz žurnalist, "Edebiýat we Sungat" gazetiniň öňki baş redaktory, Deýwid Börk adyndaky halkara baýragynyň laureaty. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG