Sepleriň elýeterliligi

Petreus ABŞ-nyň Merkezi aňtaw gullugynyň ýolbaşçysy boldy


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senaty general Deýwid Petreusy ýurduň Merkezi aňtaw gullugynyň direktory wezipesine tassyklady.

General Petreusyň kandidaturasyny prezident Barak Obama hödürläpdi. Petreus bu wezipede Leon Panettanyň ýerine geçer. Panetta Pentagonyň başlyklygyna geçdi.

58 ýaşly Petreus Owganystanda NATO-nyň we Birleşen Ştatlaryň güýçleriniň baş komanduýeşisidi.
XS
SM
MD
LG