Sepleriň elýeterliligi

Kabul bankynyň ozalky iki işgäri tussag edildi


Owganystanda dawaly Kabul bankynyň ozalky iki işgäri tussag edildi.

Ýurduň baş prokurorynyň orunbasary Rahmatulla Nazariniň aýtmagyna görä, bankyň ozalky başlygy Şerhan Farnud we öňki dolandyryjy direktory Halilullah Ferozi penşenbe güni tussag edilipdirler. Olar ýüzlerçe million dollarlyk maliýe galplyklarynda aýyplanýarlar.

Nazari tussag edilenlere anyk haýsy aýyplamalaryň bildirlendigini mälim etmedi.

Owganystanyň Merkezi bankynyň ozalky başlygy Abdul Kadyr Fitrat öz janyna howp abanýandygyny aýdyp, wezipesinden çekilýändigini yglan edipdi. Ol häzir Birleşen Ştatlarda ýaşaýar. Owgan hökümeti ony tussag etmek barada höküm çykardy.
XS
SM
MD
LG