Sepleriň elýeterliligi

Gresiýada krizise garşy çäreler boýunça soňky plan kabul edildi


Gresiýanyň parlamenti krizise garşy çäreler boýunça ikinji we soňky plany kabul etdi. Bu Halkara pul gaznasyndan we Ýewropa Bileleşiginden nobatdaky maliýe kömegini almak ugrundaky edilen ädim boldy.

Penşenbe güni kabul edilen planda 28 milliard ýewrolyk tygşytlaýyş çäreleriniň nähili ýagdaýda amala aşyryljakdygy baradaky meseleler bar.

Täze tygşytlaýyş çärelerine garşy Afinyda iki günläp geçirilen gazaply protestlerden hem 48 sagatlyk umumy iş taşlaýyşdan soň, häzir ýagdaý kadaly durka girene meňzeýär.
XS
SM
MD
LG