Sepleriň elýeterliligi

Ýewropa Bileleşiginiň başlyklygyna Polşa geçdi


Ýewropa Bileleşiginiň geçiji başlyklygyna Polşa geçdi. Bu mynasybetli şu gün Warşawada dabara geçirilýär.

Polşa Ýewropa Bileleşiginiň düzümindäki iň uly öňki sowet döwletidir.

Warşawanyň aýtmagyna görä, alty aýlyk başlyklygyň dowamynda esasy wezipeleriň arasynda umumy maliýe bazaryny berkitmek, şeýle-de bileleşigiň institutlaryna bolan ynamy dikeltmek ýaly maksatlar bolar.

Polşanyň daşary işler ministri Radoslaw Sikorskiniň bellemegine görä, Warşawa “umumy proýektlere bolan ynamy dikeltmek” isleýär.
XS
SM
MD
LG