Sepleriň elýeterliligi

Belarusda 30 töweregi protestçi sud edildi


Belarusda çarşenbe güni geçirilen demonstrasiýada tussag edilen protestçileriň 30 töweregi sud edildi.

Belarus hökümetine we ýurtdaky maliýe çökgünlige garşy protest geçirilende, polisiýa telim adamy tussag edipdi.

Soňky hepdeleriň dowamynda her çarşenbe güni protestler geçirilýär.

Penşenbe güni geçirilen sud diňlenşiklerind 13 adam 6 we 15 gün aralarynda türme tussaglygyna höküm edildi, 17 adama jerime salyndy.
XS
SM
MD
LG