Sepleriň elýeterliligi

Straus-Kanyň sud işi başga ugra gönükjege meňzeýär


Halkara pul gaznasynyň öňki başlygy Dominik Straus-Kan suduň zalynda, Nýu-Ýork, 19-njy maý.

Halkara pul gaznasynyň öňki başlygy Dominik Straus-Kan suduň zalynda, Nýu-Ýork, 19-njy maý.

Şu anna güni suduň öňünde durmaly Halkara pul gaznasynyň öňki başlygy Dominik Straus-Kanyň sud işi bütinleý başga bir ugra gönükjege meňzeýär.

Nýu-Ýorkda bir myhmanhanada işleýän hyzmatçy aýaly zorlanlykda aýyplanýan Straus-Kan özi barada girizilen berk girew şertleriniň ýeňilleşdirilmegi üçin şu gün suda ýüz tutmakçy.

Beýleki tarapdan bolsa, ejir çekeniň ynamdarlygynyň şübhe astyna düşenligi sebäpli, Straus-Kanyň garşysyna gozgalýan sud işiniň gowşamagynyň mümkindigi aýdylýar.

Straus-Kanyň adwokatlarynyň şu gün suddan onuň öz wadasynyň esasynda öý tussaglygyndan boşadylmagyny soramagyna garaşylýar. Bu kabul edilen ýagdaýynda, onda bu suduň onuň gaçma howpunyň ýokdugyna ynanýandygyny aňladar.

Suduň agyr girew şertlerini ýeňletjekdigi entek belli däl. Straus-Kan ýurtdan çykman, islendik mahalay suduň öňünde peýda bolmak üçin 6 million dollar girew hem goýdy.

Indi onuň haýyşy kabul edilse, bu sudýanyň zorlady diýilýän aýyplama ol diýen ynanmaýandygynyň alamat bolar.

Hyzmatçynyň aýdýanlary gümürtik

“The New York Times” gazeti anna güni 32 ýaşly zorlandy diýilýän hyzmatçynyň aýdýanlaryna prokurorlaryň indi şübhelenip ugrandygyny ýazdy. Straus-Kanyň bu aýaly zorlandygyny gören başga adam ýok. Ýeke-täk şaýat ejir çekdi diýilýäniň özi.

Aýdylyşyna görä, ady agzalmadyk bu hyzmatçy prokurorlary ençeme gezek aldapdyr. Şol sebäpden olar indi onuň özi we oňa hüjüm edilmegi barada aýdýan zatlaryna doly ynanmaýarlar. Olaryň aýtmagyna görä, bu aýalyň jenaýat işleri, şol sanda neşe söwdasy we pul ýuwmak ýaly zatlar bilen hem ilteşiginiň bolmagy mümkin.

Mysal üçin, ol özüne hüjüm edilendigini aýdan gününiň ertesi türmede oturan bir adam bilen gürleşip, ondan bu aýyplamany yzarlasa, özüne näçe gazanç getirmeginiň mümkindigini sorapdyr. Bu gepleşik ýazga alnypyr.

“The New York Times” gazetine bir hususy gepleşikde aýtmaklaryna görä, prokurorlary şübhelendirýän ýene bir zat bu türmede oturan adamyň geçen iki ýylyň dowamynda bu aýalyň bank hasabyna 100 müň dollar pul goýanlygy.

Näbellilik

Bu ýagdaýlar Straus-Kana bu aýaly zorlanlykda bildirilýän günäni ýeňletmese-de, ýöne onuň Straus-Kan barada aýdýanlarynyň dogrudygy barada çynlakaý şübhe döredýär.

Häzir belli bolan zat jynsy gatnaşygyň bolandygy. Hyzmatçy aýal özüniň zorlanandygyny aýdýar. Straus-Kanyň adwokatlary hem bu işiň razylyk bilen bolandygyny aýdýarlar.

Sud işiniň nähili tamamlanjagy näbelli, ýöne Straus-Kanyň geljegi-de näbelli.

Straus-Kan aýyplanandan soň, Halkara pul gaznasynyň başlygy wezipesinden çekildi. Ol ozal 2012-nji ýylyň aprel aýynda Fransiýada geçmeli prezidentlik saýlawynda “Sosialistleriň” mümkin bolan kandidaty hasaplanýardy. Ol aýyplanandan soň bu mümkinçilik gitdi.

Ýöne indi onuň geljegi birnäçe gün mundan ozal bolşy ýaly beýle garaňky görnenok. Şol sebäpden Straus-Kan barada ýene-de garaşylmadyk zatlara garaşybermeli bolsa gerek.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG