Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusdaky türkmen studentleriniň wiza ýeňilligi ünsde


Häzir Belarusyň unwersitetlerinde 4,442 sany türkmenistanly student okaýar diýlip, habar berilýär.
Häzir Belarusyň unwersitetlerinde 4,442 sany türkmenistanly student okaýar diýlip, habar berilýär.

30-njy iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Belarusyň Daşary işler ministrliginiň we Bilim ministrliginiň resmileri bilen gepleşikler geçirildi.

Penşenbe güni Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Belarusyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Igor Petrişenko we bilim ministriniň birinji orunbasary Wiktor Ýakžik bilen geçirilen gepleşiklerde bu ýurduň ýokary okuw jaýlarynda türkmenistanly ýaş spesialistleri taýýarlamak, olar üçin ýaşaýyş şertlerini, dynç alşy gurnamak we studentleriň wiza almagyny ýeňilleşdirmek barada gürrüň edildi.

Taraplar bilim pudagy boýunça hökümetara gatnaşyklara ýokary baha berdiler we bu ugurda netijeli dialogy dowam etdirmegiň gerekdigini öňe sürdüler diýip, resmi Aşgabat habar berdi. Şol gepleşiklerde bilim pudagy boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi we bu ugurda öň baglaşylan hökümetara ylalaşyklary ösdürmek barada gürrüň edildi.

Aşgabatly publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýew Azatlyk Radiosyna Türkmenistanyň Belarus bilen bilim pudagy boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürmegine oňyn garaýandygyny aýtdy: “Umuman, Belarusda türkmenistanly studentler üçin gowy şertler döredilen diýip, hökümetiň ýollan we öz hasabyna okuwa giden studentler gürrüň edýärler. Studentleriň wiza almagy hem ýeňilleşdirilse, örän gowy bolardy”.

Studentleriň gatnaşygy

Minskide ýerleşýän Gumanitar tehnologiýalar boýunça agentligiň başlygy, filosof Wladimir Maskewiçiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, häzir Belarusda okaýan daşary ýurtlularyň arasynda türkmenistanly studentleriň hytaýlylardan soňra ikinji orunda durýan bolmagy mümkin. Emma ol soňky ýyllarda türkmenistanly ýaşlaryň okuwa taýýarlygynyň peselendigini aýtdy.

“Sowet we garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda türkmenistanly studentler beýleki daşary ýurtlulardan okuwa gowy taýýarlygy bilen tapawutlanýardylar. Emma häzir beýle däl. Birinjiden, bu olaryň ors dilini gowşak bilýändigi bilen bagly. Ikinjiden, Belarusyň okuw jaýlaryna girýänler öz bilimi bilen däl-de, başga ýollar bilen girýäne meňzeýär diýip oýlanýaryn. Maňa bu ýerde korrupsiýa ýa-da başga sebäpler barada gürrüň etmek kyn. Emma Belarusyň Döwlet uniwersitetiniň mugallymlary türkmenistanly studentleriň ortaça bilim derejesiniň örän peselendigini aýdýarlar” diýip, Maskewiç aýdýar .

Belarusda okaýan bir türkmen studentiniň aýtmagyna görä, häzir Belarsuda okaýan türkmenistanly studentleriň aglabasy öz hasabyna okamaga gelenler. “Biz bu ýerde Türkmenistanda okamadyk zatlarymyzy özleşdirmeli bolýarys. Ors dilinden kynçylyk çekýäris. Okuw we ýaşaýyş üçin tölegler yzygiderli gymmatlaýar. Şonuň ýaly-da, mydama uçar bilediniň gytçylygyndan kösenýäris. Minskiden Aşgabada hepdede iki uçar bar. Belarusyň howa ýollarynyň uçar biledi 400 ýewro deň. Bu biziň üçin örän gymmat. Türkmenistanyň howa ýollarynyň uçar biledi bolsa studentlere arzan bahadan, 200 dollardan, satylýar. Emma bu biledi tapmak örän kyn”.

Ol häkimiýetleriň türkmenistanly studentleriň wiza almagyny ýeňilleşdirmegi göz öňünde tutýandygyna şatdygyny hem sözüne goşdy.

Bilim ýa-da diplom

Filosof Maskewiç bolsa türkmenistanly ýaşlaryň Belarusda alan biliminiň öz ýurduna uly peýda getirjekdigine şübhelenýär: “Görnüşi ýaly, türkmen studentleri diplomy para bilen almagyň ýoluny bilýärler. Käbir studentler semestrden geçmek we diplom almak üçin goşmaça töleg etmäge çalyşýarlar. Hut şonuň üçin-de, men türkmenistanly studentleriň Belarusyň ýokary okuw jaýlarynda alan bilimi öz ýurduna düýpli peýda getirer diýip oýlanmaýaryn”.

Publisist ýazyjy Bugaýew iki ýurduň ýolbaşçylary Türkmenistanda bilelikdäki okuw jaýlaryny açmak barada ylalaşsalar gowy bolar diýen pikirde: “Türkmenistanda Türkmen-Belarus uniwersiteti, Türkmen-Belarus instityty diýen ýaly okuw jaýlary açylyp, olarda belarusly alymlar, mugallymlar türkmen ýaşlaryna bilim berseler, hasam gowy bolardy. Netijede Belarus tarapy Türkmenistanyň halk hojalygyna zerur spesialistleri hut Türkmenistanyň içinde taýýarlap bilerdi”.

Penşenbe güni Belarusyň Daşary işler ministrliginiň ýaýradan maglymatyna görä, şu ýylyň aprelinde prezident Aleksandr Lukaşenkonyň Türkmenistana resmi saparynda bilim pudagy boýunça özara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ylalaşyk gazanylypdyr.

Belarusyň döwlet eýeçiligindäki “BelTA” habar agentliginiň berýän maglumatyna görä, Belarusyň ýörite orta we ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmenistanly stundentleriň sany 2007-2010-njy ýyllar aralygynda 138-den 4,394-e çenli artypdyr. Bu bolsa Belarusda okaýan daşary ýurtly studentleriň 42%-ni emele getirýär. Häzirki wagtda 4,442 sany türkmenistanly student Belarusyň unwersitetlerinde okaýar, 74-si bolsa ýörite orta okuw jaýlarynda bilim alýar. Bularyň 2,723-si geçen ýyl taýýarlyk kursuny tamamlap, birinji kursdan okuwa başladylar. Olaryň 28-si Belarus tarapynyň hasabyna okaýar.

Resmi maglumatlara görä, şu ýyl Türkmenistanyň orta mekdeplerini 110 müňden gowrak oglan-gyz tamamlady. Geçen ýyllarda her ýyl 5 müň çemesi oglan-gyz ýerli okuw jaýlaryna kabul edildi.
XS
SM
MD
LG