Sepleriň elýeterliligi

Türkmen-hytaý bilim hyzmatdaşlygy maslahat edildi


Penşenbe güni Türkmenistanda saparda ýören Hytaýyň Sinszýan-uýgur awtonom regionynyň hökümetiniň başlygynyň orunbasary hanym Szin Nonyň ýolbaşçylygyndaky delegasiýa Aşgabatda birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi.

Hususan-da, hytaýly bu delegasiýa Türkmenistanyň Bilim ministrliginde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Türkmen döwlet medisina uniwersitetinde kabul edildi.

Bu duşuşyklarda taraplar kadrlary taýýarlamak, bilim beriş ugrundan tejribe alyşmak, student alyş-çalşyklaryny ösdürmek we okuw jaýlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyklary ösdürmek ýaly meseleler boýunça pikir alyşdylar.
XS
SM
MD
LG