Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Belarusyň we Siriýanyň ýolbaşçylaryna çagyryş etdi


Şu gün ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton Belarusyň we Siriýanyň döwlet ýolbaşçylaryny parahat demonstrasiýaçylara garşy güýç ulanmaklygy bes etmeklige çagyrdy.

Halkara demokratiýa meselesine bagyşlanylyp Litwada geçirilýän konferensiýada eden bu çykyşynda ol dünýä ýurtlarynyň hökümetleriniň kem-kem ösýän demokratik hereketleri goldamalydyklaryny nygtady.

Şu hepdäniň çarşenbe güni Belarusyň polisiýasy nobatdaky gezek Minsk şäherinde geçirilen protest demonstrasiýasy wagtynda onlarça adamy tussag etdi.
XS
SM
MD
LG