Sepleriň elýeterliligi

Nýu-Ýorkuň sudunda Straus-Kanyň arzasyna garalýar


Şu gün Nýu-Ýorkuň sudunda öý tussaglygynda saklanýan Halkara pul gaznasynyň ozalky başlygy Dominike Straus-Kanyň tussaglyk şertini ýeňilleşdirmek baradaky arzasyna garalýar.

«The New York Times» gazeti Dominik Straus-Kana Nýu-Ýork şäherindäki bir myhmanhananyň aýal işgärini zorlamakda bildirilýän ozalky aýyplamalaryň ýatyrylmagynyň mümkindigini ýazýar.

Prokuratura resmileriniň sözlerine salgylanyp gazetiň ýazmagyna görä, jynsy taýdan zorlandy diýilýän bu aýalyň öz hereketlerinde şübheli alamatlaryň bardygyna görä, onuň sözlerini esas hökmünde ulanyp-ulanmazlyk meselesi uly sorag astynda durýar.
XS
SM
MD
LG