Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan Omar Al-Başiri geçirmändigini ret edýär


Şu gün Täjigistanyň Daşary işler ministrligi Sudanyň prezidentiniň Hytaýa saparynyň yza süýşürilmegine Täjigistanyň hem dahyllydygy barada peýda bolan maglumatlary ret etdi.

Şu hepdäniň duşenbe güni Tährandan Pekine barmaly Sudanyň prezidenti Omar al-Başiriň bu sapary bir gün yza süýşürilipdi.

Penşenbe güni Sudanyň mediasynda Omar al-Başiriň uçarynyň geçmegine Türkmenistan bilen Täjigistanyň rugsat bermändigi barada maglumatlar peýda boldy.

Emma Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Sudanyň prezidentiniň uçuşy bilen baglanyşykly Täjigistana hiç hili haýyşyň gelmändigini we onuň uçuşyna ýol bermezlik ýaly wakanyň hem bolmandygyny aýdyp, beýanat ýaýratdy.

Bu maglumatlara Türkmenistan tarapyndan hiç hili resmi reaksiýa bolmady.
XS
SM
MD
LG