Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hugo Çawez rak keseliniň bardygyny boýun aldy


Şu gün Wenesuelanyň prezidenti Hugo Çawez özüniň rak keseli bilen baglanyşykly operasiýany başdan geçirendigini mälim etdi.

Ol birnäçe hepde mundan ozal saglygyny bejertmek üçin Kuba gideli bäri şu gün öz saglyk ýagdaýy barada ilkinji gezek çykyş etdi.

Onuň sözlerine görä, onuň öz bedeninden tapylan rak ösüntgilerini aýyrmak üçin, oňa Kubada iki gezek operasiýa edilipdir.

Wenesuelanyň häkimiýetleri prezident Hugo Çaweziň saglyk ýagdaýy barada şu çaka çenli açyk maglumat bermekden saklanyp gelipdiler.
XS
SM
MD
LG