Sepleriň elýeterliligi

Karimowyň gyzy suda beren arzasynda utuldy


Şu gün Fransiýanyň sudy özbek prezidenti Islam Karimowyň kiçi gyzy Lola Karimowanyň özüniň “diktatoryň gyzy” diýlip atlandyrylmagyna garşy eden şikaýaty esasynda sud diňlenişigini geçirdi.

Fransiýanyň sudy şu gün onuň “diktatoryň gyzy” diýlip atlandyrylmagynda hiç hili kanun bozma alamatynyň ýokdugy barada karar çykardy.

Lola Karimowa “French RUE 89” atly web saýtyny özüni «diktatoryň gyzy» diýip atlandyrmak bilen öz şahsyýetini kemsidenlikde aýyplap, ony suda beripdi we özüne 30 müň ýewro möçberinde kompensasiýa tölenmegini talap edipdi.
XS
SM
MD
LG