Sepleriň elýeterliligi

Taýlandda ählumumy saýlawlar geçirildi


Taýlandyň premýer-ministri Absihit Wejajiwa ählumumy saýlawlarda öz partiýasynyň ýeňlendigini boýun aldy.

Deslapky maglumatlara görä, “Taýland üçin” atly oppozision partiýa ep-esli ara açyp, öňde barýar. Oňa 2006-njy ýylda harby agdarylyşykda häkimiýetden çetleşdirilen öňki premýer Taksina Çinawatanyň aýal dogany Ýiňlak Çinawata baştutanlyk edýär.

“Taýland üçin” atly oppozision partiýa ses beren saýlawçylaryň biri şeýle diýdi: “Şu partiýa ozaly bilen milli ýaraşyk planyny durmuşda amala aşyrsyn, şeýle-de ýurduň ösüşini üpjün etsin, ine meniň islegim”.

Saýlawlaryň gutarnykly netijeleri ýakyn wagtlarda yglan ediler. Bu geçen ýyl ýurduň paýtagty Bangkokda bolan köpçülikleýin oppozision manifestasiýalardan soň ilkinji saýlawlardyr. Şol aksiýalarda 90 adam ölüp, iki müň töweregi ýaralanypdy.
XS
SM
MD
LG