Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusyň garaşsyzlyk güni oppozisiýa aksiýa geçirmekçi


Belarus bilen Litwanyň serhedinde öten agşam saklanan belarus oppozision syýasatçy Stanislaw Şuşkewiç boşadyldy. Onuň ýany bilen bile barýan 12 student hem goýberildi.

Şu gün Belarusyň garaşsyzlyk güni, oppozisiýa şol çärä gabatlap, ýurt ýolbaşçylarynyň syýasatyna protest hökmünde dymmak aksiýasyny şu gün agşam geçirmegi planlaşdyrýar.

Minskide häkimiýetler harby parad geçirdi. Paradda eden çykyşynda prezident Aleksandr Lukaşenko ýurtda ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmaga synanyşykda haýsydyr bir daşary güýçleri aýyplady.

Lukaşenkonyň sözlerine görä, maglumat hüjümi güýçlenýär, jemgyýetçilik pikirini galplaşdyrmak artýar.

Oppozisiýa häzirki ykdysady krizis şertlerinde harby parad üçin şeýle çykdajynyň maksada laýyk däldigini öňe sürýär.

Belarusda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi.
XS
SM
MD
LG