Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Owganystana ýük daşamakda guryýeri köp ulanýar


Owganystana ýük daşamak üçin Birleşen Ştatlar barha köp guryýer mümkinçiliklerini ulanýar, şol bir wagtda-da Pakistanyň Karaçi portuny ulanmagy azaldýar.

Pentagondaky çeşmelere salgylanyp, “Washington Post” gazetiniň ýazmagyna görä, Owganystandaky harby kontingent üçin häzir ýükleriň 40% töweregi demirgazyk ugurdan - Gazagystanyň we Özbegistanyň üsti bilen demir hem gara ýollar arkaly getirilýär. 2009-njy ýylda şeýle ýükleriň 90%-i Pakistan arkaly getirilipdi.

ABŞ bilen Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň sowamak mümkinçiliginden, belki, Pentagon ätiýaç edýändir, şonuň üçin Owganystana ýük getirilýän täze ýollara barha köp üns berýär diýip, gazet belleýär.
XS
SM
MD
LG