Sepleriň elýeterliligi

Şweýsariýa Siriýanyň ýolbaşçylarynyň 32 million dollaryny doňdurdy


Şweýsariýada Siriýanyň ýolbaşçylarynyň ençemesiniň bank hasaplary doňduryldy. Şol puluň jemi möçberi 32 million dollar töweregi. Bu maglumaty Şweýsariýanyň ykdysady işler boýunça departamenti tassyklady.

Maý aýynda Şweýsariýa Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň we ýene-de ýokary derejeli 22 sany siriýa çinowniginiň garşysyna maliýe gadaganlygyny girizipdi.

Mundan öň Şweýsariýanyň häkimiýetleri şunuň ýaly çäreleri Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafiniň we Müsüriň prezidenti Hosni Mabaregiň režiminiň garşysyna-da girizipdi.
XS
SM
MD
LG