Sepleriň elýeterliligi

Ýemende gazaply harby hereketler dowam edýär


Şenbe güni Ýemeniň günortasyndaky Jaar şäherine ýurduň milli harby-howa güýçleriniň uran zarbasynda parahat ilatdan iki adam ölüp, üçüsi ýaralandy diýip, şähere kontrollyk edýän söweşijileriň wekili “Frans-Press” agentligine habar berdi.

Jaar Zinjibardan demirgazykda ýerleşip, ol ýerde hökümet goşunlary “Al-Kaýda” bilen baglanyşygy bolan ektremistleriň garşysyna gazaply göreş alyp barýar. Zinjibaryň eteklerinde şenbe güni 50 esgeriň at-dereksiz ýitendigini harbylar habar berdi.

Ýemen oppozisiýasynyň pikiriçe, prezident Ali Abdullah Salehiň pozisiýasyny goramak üçin häkimiýetler yslam howpuny bolşundan has ulaltmaga çalyşýar.

Ýemende prezidentiň iş başyndan çekilmegini talap edýän aksiýalar ençeme aý bäri dowam edýär.
XS
SM
MD
LG