Sepleriň elýeterliligi

Hytaýda kömürçileri azat ediş operasiýasy geçirilýär


Hytaýyň günortasynda iki kömür käninde opurylma sebäpli daşarky dünýä bilen arasy kesilen 42 kömürçini azat etmek boýunça operasiýa geçirilýär.

Heşan şäherindäki kände şenbe güni bärsinden üç kömürçi heläk boldy. 19-sy ýeriň aşagynda galdy.

Guýçžou okrugynda şenbe güni başga bir ýagdaý emele geldi, bu ýerdäki kömür känini suw basmagy netijesinde 21 adam kände galdy. Iki adamyň at-dereksiz ýitendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG